TM HYZMAT
Men seni hiç haçan taşlamaryn


Men seni hiç haçan taşlamaryn

(Durmuşda bolan waka)
(1-nji bölüm)
Awtory: Alyýewa Nowça (eger siz awtory bolsaňyz we şu hekaýanyň TM HYZMAT portalda ýerleşdirmegine garşy bolsaňyz biziň bilen habarlaşyp hekaýaňyzy pozdurdyp bilersiňiz! - (Habarlaş) Şeýle hem täze hekaýa ugratmakçy bolsaňyz habarlaşyp bilersiňiz)


Şol gün şu günki deýin ýadymda. 2009-njy ýylyñ noýabr aýynyñ 13-i sagat 22:34. Men joram bilen internet arkaly hat alyşyp otyrdym. Uzak gün ýaka edemsoñ süññümde agyr ýadawlygy duýup başladym. Jorama dynjymy aljakdygymy aýdyp sagbollaşdym. Ýadaw bolsamam gözüme çiş kakylan ýaly uklap bilmedim. Täzeden telefonymy elime alyp dörjeleşdirip ugradym. Dostlarymyñ hijisi online däl eken. Näme etjegimi bilmän suratymy üýtgeden boldum, adymy üýtgeden boldum. Ine birdenem:

-Salam- diýip " söýgi perişdesi" (oñ ady internetda şeýle ýazylgy) sms ýazdy.

-Salam

-Ýatañokmy?

-Ýatyryn

-Onda nädip ýazýañ?

-Düýşümde bolaýmasa

- (ýylgyrýan smaýyl)

-Sen hakykatdanam söýgi perişdesimi?

-Elbetde, häzir señ ýanyña-da aýlanyp gaýtjak (:

Men tisginip gitdim. Hamala diýersiñ hakykatdanam yzymda duran ýaly howatyrlandym. Gözümi ýumdum. Ýorganymy kelläm bilen bürendim. Birdenem öz bolup oturşyma gülkim tutdy. Ýuwaşlyk bilen ýorgandan kellämi çykaryp garañky jaýyñ içine göz gezdirdim. Ůmsümlik. Menden başga gymyldy-hereketiñ ýoklugyna göz ýetirip, ynjaldym. Telefonymy elime alsam birgiden sms:

-Ýatdyñmy, näme jogap bereñok...alooo?

-Men bärde

-Nirde?

-Ine şu ýerde

-Hany men-ä göremok :-P

-Boldy etsene...

-Ýeri bolýa...adyñ kim?
-Leýli-diýip men ýalan sözledim.

-Örän şat Leýli men Ataş

Biz şeýdip tanyşyp gitdik. Gijäñ ýarymyna çenli biri-birimiz hakda birgiden maglumat topladyk.

Ataş özüniñ daşary ýurtda okaýandygyny, her ýylda bir gezek kanikula barýandygyny aýtdy.

Meni uky basmarlap ugrady. Arkan ýatyp ýazamsoñ arasynda irkilip telefonym elimden taýyp mañlaýyma gütüläp gitdi. Ziñkildäp turdum, soñ Ataşa "bidi-bidileriñ" gelip ugrandygyny, ýatjakdygymy aýdyp sagbollaşdym.

Ine şeýdibem biz günde habarlaşyp ugradyk. Aradan 4 aý töweregi geçendir. Ataş telefon belgimi sorady.

Ilkibaşda telefon belgimi soranda bermändim. "Aý internetdirda bu taýda adama ynam ýok" diyip pikir etdim. Ýöne bu gün ençe wagtyñ dowamynda hat alyşyp men oña nahili öwrenşenimem duýman galypdyryn. Özüm üçinem Ataşyñ sesini eştmek juda gyzyklydy. Men belgimi ýazdym, şol bada hem telefonym jyññyrdady.

Beýle tiz jañ edilmegine men taýýar däldim. Özümi oñaýsyz duýdum, elimiñ çalaja titreýäni duýuldy. Ýuwaşlyk bilen telefony galdyrdym:

-Alo

-Salam gowumy ýagdaýlañ?

-Hudaýa şükür

-Ahyry sesiñem eştdim, örän şat

-Menem

-Leýli neme...

-Men Leýli däl, Näzli men diýip oñ sözüni böldim.

-Bilýan dogryñy aýtmadygyñy, özüñ maña ynam edip aýdarsyñ diýdim bir gün (:

-Gaty göreñok gerek?

-Ýokla aýdýanyñ näme? Wiý, ýogsa-da Näzli?

-How?

-Ýalbaryp-ýalbaryp ahyry belgiñ-ä aldym, belki suratyñam ugradarsyñ hä?

- Ony näme etjek?

-Iýjek hehe...

Men ýylgyrdym, razylaşdym. Ýöne hiç kime görkezmezligini haýyşt etdim.

Telefon biraz gürleşip suratymy ugratdym. Ol suratymyñ juda ýarandygyny, mümkin bolsa günde jañ etjekdigini aýtdy. Men garşy bolup durmadym. Çünki men oña mazaly öwrenişipdim. Her gün hat ýazyp ýa jañ edip durmasa erbet içim gysyp, keýpim bozulardy.
Aý-günler geçdi durdy, gyşam sowuldy. Aprel aýynda Ataşyñ doglan güni ýetip gelýädi. Men goşgy düzüp, gutlag ýazyp, aýratyn surata düşüp taýýarlyk gördüm. 26-syna geçen gije sagat 12-de whatsappda bulary ugratdym. Jogap gelmedi, diýmek ýatandyr diýen netijä geldim. Düşegime geçip irkilipdirin. Sagat iki töwerek telefonymyñ sesine oýandym:

-Alo

-Bimaza edenime bagyşla! Meni ilkinji bolup gutlanyña gaty begendim sag bol!

-Bolýa zyýany ýok, uzak ýaşa!

-Men saña käbir zatlary aýtsam bormy?

-Hawa diñleýän?

-Men saña tiz öwrenişdim, gowy gördüm señ sadalygyñy, utanjañlygyñy haladym. Umuman men seni gowy gördüm Näzli....

Men sesimi çykarmadym, ýyldyrym içimden parran geçen ýaly boldy.

-Alo ukladym bir diýme şu pursatda?

-Ýok-la uklamok

-Ýeri näme diýersiñ

Dowamy bar...


Hekaýa hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

comments powered by HyperComments

Hekaýany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!