TM HYZMAT - SIZIŇ HYZMATÇYŇYZ!

TM HYZMAT - PORTAL-ÝOLGÖRKEZIJI!

TM HYZMAT – ilkinji türkmen halkara portal hem-de ýolgörkeziji TM HYZMAT hakda belki siz dostlaryňyzdan “aýdym” saýty diýp eşidensiziňiz ýa-da “kärhanalar” ýygyndysy diýp eşiden bolmagyňyz ahmal. TM HYZMAT – ilki bilen ýolgörkeziji. TM – Türkmenistanyň çäginde diýen manyny berýär, HYZMAT – hyzmat etmek, elýeter etmek, hyzmatda bolmak, mümkinçilik döretmek diýen manyny berýär. TM HYZMAT web portalyň ýokardaky görýän logotipyň hem manysy bar, çünki biziň edýän işimizde uly zähmet, höwes we başarjaňlyk bardyr. Mekdepler, saglyk öýler, dermanhanalar, kafelar, restoranlar, magazynlar, kärhanalar, sargyt hyzmatlar, dürli serwis hyzmatlar we şuňa meňzeş ençeme bölümler ÝOLGÖRKEZIJI-diginiň şaýadydyr. Bulardan başga-da TM HYZMAT-yň portal tarapy hem bar, olar ýagny: aýdym-saz online diňlemek we ýüklemek, degişmeler, makalalar, kitaplar, howa maglumaty, “LINE” sosial ulgamyndaky akkauntlar ýygyndysy, peýdaly we geregi çykyp biljek web saýtlaryň salgylary we şuňa meňzeş gyzykly we peýdaly bölümler az däldir.


NÄME ÜÇIN BIZ?

1. TM HYZMAT - köptaraplaýyn web portal hem-de ýolgörkeziji, biziň mümkinçiliklerimiz çäksiz we biz islendik ugurdan bölüm açyp, ulanyjylary çekmäge mümkinçiligimiz bar.
2. Kärhanaňyzy/hyzmatlaryňyzy degişli bölümlere MUGT ýerleşdirmek mümkinçiligi.
3. TM HYZMAT TEAM – topary elmydama portalyň üstünde işleýär, kiçiräjik ýalňyşlyklar, täze ssylkalar, bölümlere goşundylar we ş.m işleri amala aşyrylyp durulýar.
4. Biz elmydama täze mümkinçilikleri gözleýäris.
5. Biz elmydama hyzmatdaşlyga taýýar we täze hyzmatdaş tapmakda işler amala aşyrýas.
6. Hyzmatdaşlyk – bu ýagny birnäçe saýtlardan ýa proýektlardan bize goşmaça ulanyjylaryň gelmegidir. Sebäbi TM HYZMAT web portalyň reklamasy hyzmatdaşlarda hemişelik durýar.
7. Biz siziň sargan reklamaňyzy ulanyjylaryň köp bölegine görkezmek üçin alada edýäris. Iň gyzykly bölümlere bolan girelgeler, ulanyjylar siziň reklamaňyza gaýdyp geler ýaly görnüşde ýerleşdirilen.
8. Biziň hyzmatlarymyzdan peýdalanyp siz uly höwes bilen biziň gün-günden ýetýän üstünliklerimiziň şaýady bolarsyňyz, reklamaňyz bolsa täze ulanyjylary özine çekip durar.
9. TM HYZMAT web portalyň işleýiş tizligi, ýönekeý we uýgunlaşýan dizaýny, düşnükli ýagdaýda ýerleşdirilen bölümler ulanyjylaryň erkin seýil etmegine ýardam berýär.
10. Portaldaky peýdaly, gyzykly we özine çekiji maglumatly bölümler – ulanyjylaryň gelmegini üpjün edip durýandyr.
11. Reklama ýerleşdirmegiň birnäçe görnüşleri, islendik saýlan sahypaňyzda/bölümiňizde ýerleşdirmek mümkinçiligi.


GOŞULMAK ÜÇIN NÄME GEREK?

1. Kärhanaňyz hakda gysgaça maglumat taýýarlaň.
2. Logotip suraty we birnäçe goşmaça suratlar (3-4 sany).
3. Salgyňyz, telefon belgileriňiz.
4. Sosial ulgamlarda bar bolan sahypalaryňyzyň salgylary.
Şu maglumatlary taýýarlap aşakdaky salgylara ugratmagyňyzy haýyşt edýäris.
Ýa-da şu ýerden - Kärhana goşmak formasy

Bizden daşlaşmaň, TM HYZMAT – Siziň hyzmatyňyzda!



Biziň hyzmatdaşlarymyz


BIZIŇ BILEN HABARLAŞMAGYŇ GÖRNÜŞLERI

LINE: admin-tmhyzmat
LINE@: @tkf9716i
INSTAGRAM: https://instagram.com/tmhyzmat
EMAIL: support@tmhyzmat.com
Sorag-Jogap: Gatnaşmak

Teklipleriňizi şu ýerde goýup bilersiňiz! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

comments powered by HyperComments